Oýun sanawy

Türkmenistanyň wekiliýeti BGG-niň Brýusselde geçýän sessiýalaryna gatnaşýar

26 Iýun. 12:24

Çeşme

25 — 27-nji iýun aralygynda Brýusselde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) ştab-kwartirasynda BGG-niň Geňeşiniň 147-nji we 148-nji sessiýalary geçirilýär. Guramanyň ýokary ýolbaşçy edarasynyň mejlislerine Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, bu çäre dünýä gümrük ulgamyny innowasion taýdan ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bütin dünýäden gümrük edaralarynyň ýolbaşçylaryny we esasy wekillerini bir ýere jemledi. Häzirki sessiýalaryň gün tertibi halkara söwdanyň we gümrük gözegçiliginiň strategik meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň amala aşyrýan iş saparynyň meýilnamasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Ian Sonders bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna aýratyn uly orun berilýär. Guraljak bu duşuşygyň dowamynda özara strategik hyzmatdaşlygyň iň esasy meselelerini, şol sanda gümrük amallaryny gysga wagtda doly sanlylaşdyrmagy, BGG-niň dünýä derejesindäki öňdebaryjy standartlaryny ýurtda ornaşdyrmagy hem-de milli hünärmenleriň halkara tejribesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌