Oýun sanawy

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada guralan OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşdy

24 Iýun. 08:05

Çeşme

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşdy. «Ertirki günümiziň mümkinçiliklerini giňeldýän geçiş» diýen şygar astynda guralan bu halkara çäre dünýäniň dürli künjeklerinden hökümet wekillerini, ösüş institutlarynyň hünärmenlerini hem-de iri işewürlik ulgamynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Halkara forumyň guralmagy OPEK Halkara ösüş gaznasynyň döredilmeginiň 50 ýyllyk ýubileýine gabat geldi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe möhüm maýa goýum we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, OPEK Halkara ösüş gaznasynyň prezidenti doktor Abdulhamid Alhalifa, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi hem-de Türkdi döwletleriň Maýa goýum gaznasynyň prezidenti Bagdad Amreýew bilen netijeli gepleşikler alnyp baryldy.

Bu duşuşyklaryň dowamynda taraplar bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, maliýe-bank ulgamynda tejribe alyşmak we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň geljekki mümkinçiliklerini giňişleýin maslahatlaşdylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌