Oýun sanawy

Daşary işler ministrligi Prezidentiň we Milli Lideriň 2026-njy ýyl üçin daşary ýurt saparlaryna taýýarlyk görýär

04 Aprel. 08:07

Çeşme

Türkmenistanyň diplomatik gullugy şu ýylyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara amala aşyrjak saparlaryny guramak boýunça daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen bilelikde netijeli işleri alyp barýar. Bu barada Daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümet mejlisiniň dowamynda 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri barada hasabat bereninde mälim etdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň DIM-i tarapyndan saparlaryň maksatnamalaryny we mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça yzygiderli maslahatlaşmalar geçirilýär. Bu saparlar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny täze belentliklere götermäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ministr daşary syýasy işjeňligiň ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli ugruna laýyk gelýändigini nygtady.

Raşid Meredow hasabatynyň dowamynda 2026-njy ýylyň başynda amala aşyrylan möhüm saparlaryň netijelerine hem ünsi çekdi. Xatırladylmagyna görä, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň fewral aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, mart aýynda bolsa Hytaý Halk Respublikasyna taryhy saparlaryny amala aşyrdy. Bu saparlar dünýäniň iri döwletleri bilen strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi.

2026-njy ýylyň galan döwri üçin meýilleşdirilýän saparlar dünýäniň dürli sebitlerindäki hyzmatdaş ýurtlar bilen ykdysady, syýasy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Diplomatik gullugyň taýýarlaýan her bir sapary Türkmenistanyň halkara abraýynyň belentdiginiň we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmasy bolar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌