Oýun sanawy


Türkmenistanyň Kubogynyň finaly: «Ahаl» bilen «Arkadag» 27-nji dekabrda duşuşar
26 Dek. 14:0027-nji dekabrda Arkadag şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy geçiriler. Bu duşuşykda «Ahаl» bilen «Arkadag» toparlary esasy kubok ugrunda bäsleşerler. Oýun sagat 15:00-da başlar we şol gün Türkmenistanda kubogyň eýesi belli bolar.
Final duşuşygynyň baş emini hökmünde Berdymämmet Atdyýew bellenildi. Oňa gapdal emini hökmünde Ihglas Kurambaýew we Ýusup Jumamuradow kömek ederler. Ehtiyat emin wezipesini Eziz Ýazmuradow ýerine ýetirer.
Bu final Türkmenistanyň Kubogy taryhynda Arkadag şäherinde ikinji gezek geçirilýär. Şeýle hem bu duşuşyk iki topar üçin hem yzly-yzyna üçünji final bolar. Öňki iki finalda «Arkadag» 3:0 we 1:0 hasaplary bilen ýeňiş gazandy.
Ýarym finallarda «Ahаl» iki oýnuň jemi boýunça «Şagadamdan» üstün çykdy, «Arkadag» bolsa «Aşgabady» ynamly ýeňdi. Bu final duşuşygy Türkmenistanyň futbol möwsümindäki iň möhüm wakalaryň biri bolar diýlip garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.
Şeýle hem okanyň