Oýun sanawy

Köneürgenç şäherinde täze söwda we hyzmatdaşlyk toplumynyň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan edildi

16 Maý. 13:36

Çeşme

Daşoguz welaýatynyň taryhy we medeni merkezi bolan Köneürgenç şäheriniň durmuş-ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de ilatyň söwda hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, täze taslama badalga berilýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi sebitde döwrebap bazaryň taslama-smetalaýyn resminamalaryny taýýarlamak we gurluşyk işlerini doly amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

Milli maksatnamalaryň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan bu söwda toplumy diňe bir içerki bazary harytlar bilen üpjün etmekle çäklenmän, eýsem, ýerli telekeçiligi ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek üçin hem strategiki binýat bolup hyzmat eder. Döwrebap bazar binalar toplumyny, sanly dolandyryş ulgamlaryny, häzirki zaman sowadyjy ammarlary we amatly söwda setirlerini özünde jemlär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýerli we daşary ýurtly gurluşyk kompaniýalary özleriniň tehniki-ykdysady tekliplerini ministrligiň Aşgabat şäherindäki merkezi edarasyna tabşyryp bilerler. Resminamalary kabul etmegiň tertibi we möhletleri kanunçylyga laýyklykda kesgitlenip, iň kämil we innowasion binagärlik çözgütlerini hödürlän potratçy saýlanyp alynar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌