Oýun sanawy

Türkmenistan we Uganda hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny kesgitlediler

13 Maý. 09:35

Çeşme

Ugandanyň paýtagty Kampala şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan we Uganda özara gatnaşyklary täze derejä çykarmak baradaky ylalaşyga geldiler. Diplomatik gatnaşyklary ykdysady bähbitlere gönükdirmek we hyzmatdaşlygyň anyk meýilnamalaryny işläp düzmek gepleşikleriň esasy özeni boldy. Bu duşuşyk iki döwletiň arasyndaky syýasy dialogyň amaly netijelere eýe bolmagynda möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirilýär.

Söwda-ykdysady ulgamda taraplar biri-biriniň önümçilik mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Türkmen tarapy tebigy gaz eksporty we ýokary hilli dokma önümlerini dünýä bazaryna çykarmak baradaky tejribesini paýlaşdy. Uganda tarapy bolsa azyk senagatynda, hususan-da kofe önümçiliginde we guşçulyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bildirdi. Şeýle hem taraplar maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde özara goldaw bermegiň möhümdigini nygtadylar.

Bilim we ylym ulgamynda hem täze maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyşmagyny ýola goýmak, şeýle hem diplomatik akademiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmek üçin bolsa iki ýurduň telekeçileriniň gatnaşmagynda halkara söwda sergilerini we biznes-forumlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.

Gepleşikleriň netijeli bölegi hökmünde, resmi saparlary ýönekeýleşdirmek maksady bilen diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wizasyz düzgüni girizmek meselesine seredildi. Mundan başga-da, halkara guramalaryň, aýratyn-da BMG-niň çäklerinde amala aşyrylýan başlangyçlary utgaşdyrmak barada pikir alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň 2027-nji ýyla çenli resmileşdirilmegine we täze şertnamalaryň baglaşylmagyna garaşylýar.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.