Oýun sanawy


Türkmenistan we Pakistan hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
05 Iýun. 06:53Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda ýokary derejeli diplomatik duşuşyk guraldy. Türkmen wekilleri ýurduň Parlament işleri boýunça federal ministri Tarik Fazal Çaudry bilen gepleşikleri geçirdiler. Duşuşyk taraplaryň döwletara gatnaşyklary we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga çalyşýandygyny görkezdi.
Gepleşikleriň dowamynda halkara we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, parahatçylygy yzygiderli berkitmek ýaly möhüm meselelere seredildi. Iki döwletiň arasynda söwda, ykdysady we medeni ugurlarda amala aşyrylýan taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de täze hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmek boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
Türkmenistanyň ilçisi myhmana ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler, içerki durnuklylygy üpjün etmek we daşary syýasat ulgamynda öňe sürülýän netijeli başlangyçlar barada gürrüň berdi. Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ähmiýeti barada aýdylanda, 2026-njy ýylda bellenilýän şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreleriň ornuna aýratyn üns çekildi.
Mundan başga-da, federal ministre döwletimiziň gatnaşmagynda sebitde gurulýan transmilli energetika we ulag-kommunikasiýa desgalary barada maglumat berildi. Bu taslamalaryň Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady taýdan durnukly ösmeginde, sebitara gatnaşyklary täze hile götermekde we howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmekde bahasyna ýetgiler strategik ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.