Oýun sanawy


Türkmenistan TDG-niň çäklerinde energetika hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny hödürleýär
02 Aprel. 13:10Bakuwda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň we wise-prezidentleriniň ikinji mejlisinde Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri beýan edildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew çykyşynda ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu bolsa sebitiň ykdysady durnuklylygy üçin möhüm şertdir.
Türkmenistanyň energetika syýasaty üç taraplaýyn bähbitleri, ýagny öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we sarp edijiniň gyzyklanmalaryny deň derejede goramaga esaslanýar. Bilelikdäki iri infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagy diňe bir ykdysady peýda getirmek bilen çäklänmän, eýsem energetika bazarlarynyň özara baglanyşygyny hem üpjün edýär. Wise-premýer bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň sebitara energetika howpsuzlygynyň kepili boljakdygyny belledi.
Häzirki wagtda Türkmenistan birnäçe türki döwletler bilen gaz we elektrik energiýasy pudaklarynda ýakyndan gatnaşyk saklaýar. Ýurdumyz bu gatnaşyklary täze derejä çykarmaga we has giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga doly taýýardyr. Türki döwletleriň energiýa mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi sebitiň dünýä ykdysadyýetindäki ornunyň has-da berkemegine ýardam berer.
Halkara energetika taslamalary sebitde täze iş orunlarynyň döredilmegine we tehnologik ösüşe badalga berýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlary TDG-ä agza ýurtlaryň umumy abadançylygyna gönükdirilendir. Bakuwdaky mejlis bu ugurdaky gepleşikleriň işjeňleşdirilmegi we anyk çözgütleriň kabul edilmegi üçin möhüm meýdança boldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.