Oýun sanawy


Zähmet kodeksine hem-de awçylyk baradaky kanunlara täze üýtgetmeler girizildi
29 Noý. 12:31Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» kanunlara täzeden üýtgetmeler girizmegi göz öňünde tutýan resminamalara gol çekdi. Bu kanunlar resmi neşir edilen gününden güýje girýär diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Resminamada 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» kanunyň 44-nji maddasy gaýtadan redaksiýa edildi.
«Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» kanunda görkezilişine görä, çalşyk boýunça iş döwrüniň kadaly çäkleri önümçilik senenamasyna laýyklykda bellenilýär. Alty günlük iş tertibinde bolsa gündelik iş wagty 40 sagatlyk hepdelik norma laýyklykda 7 sagatlyk iş gününe barabar edilýär.
Eger işgär önümçilikde ýüze çıkan betbagtçylykly wakanyň ýa-da hünär keseliniň netijesinde heläk bolsa, kärhana onuň maşgalasyna bir gezeklik kömek puluny tölemäge borçly bolup, şol möçber aradan çykanyň bir ýylyň dowamynda hakyky alnan zähmet haklarynyň on esse derejesinde kesgitlenýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.
Şeýle hem okanyň