Oýun sanawy

Türkmen teatrçylary Minskde halkara sahnada üstünlik gazandylar

11 Aprel. 11:26

Minsk şäherinde 2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 6-njy apreline çenli aralykda Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy tarapyndan guralan Halkara akustika teatr mekdebiniň taslamasynyň çäklerinde okuw maksatly sessiýanyň üçünji tapgyry üstünlikli geçirildi.

Bu giň gerimli medeni-okuw taslamasy dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylary bir ýere jemläp, olara tejribe alyşmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak we teatr sungatynyň häzirki zaman ugurlary bilen tanyşmak mümkinçiligini döretdi.

Bu çärä Türkmen döwlet medeniýet instituty hem işjeň gatnaşdy. Institutyň mugallymlary we talyplary 2026-njy ýylyň 29-njy martyndan 7-nji apreline çenli dowam eden üçünji tapgyra gatnaşyp, ýokary döredijilik ukyplaryny görkezdi.

Sessiniň çäginde olar “Çarlak” atly sahna oýnuny hödürlediler. Bu sahna oýnuny institutyň Teatr sungaty fakultetiniň aktýorlyk ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy, režissýor Ezizmuhammet Atdaýew sahnalaşdyrdy.

Sahnada mugallymlar — Ezizmuhammet Atdaýew, Mälikberdi Rustemow, Laçyn Orazowa, şeýle hem talyplar — Uzuk Nowruzowa we Nurgözel Hydyrowa çykyş etdiler. Olaryň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy we guramaçylar tarapyndan ýokary baha berildi.

Çäräniň jemleri boýunça gatnaşyjylar diplomlar bilen sylaglandy. Bu üstünlik türkmen teatr sungatynyň halkara derejede mynasyp orun eýeleýändigini ýene bir gezek subut etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌