Oýun sanawy


Altyn, kümüş we MacBook Air: Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada taryhy üstünlik gazandylar
15 Iýul. 18:37Şu günler Singapur Respublikasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen abraýly halkara matematika we logika bäsleşiginde (SIMOC 2026) Türkmenistanyň zehinli ýaşlary ýurdumyza uly ýeňiş we baýrakly orunlar bilen dolandylar. Dünýäniň onlarça ýurdundan ýüzlerçe iň güýçli okuwçylaryň gatnaşan bu bäsleşiginde türkmenistanly çagalar özleriniň ýokary bilimi, analitiki pikirlenişi we bäsleşmäge bolan ukyby bilen aýratyn tapawutlandylar. Bu şanly waka ýurdumyzyň ýaş nesliniň halkara bilim giňişligindäki nobatdaky uly üstünlikleriniň biri boldy.
Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar diňe bir özbaşdak matematika meselelerini çözmek bilen çäklenmän, eýsem toparlaýyn intellektual oýunlarda hem-de innowasion logiki taslamalarda özara bäsleşdiler. Türkmen wekiliýetiniň düzümindäki okuwçylaryň gazanan altyn, kümüş we bürünç medallary sebitara ýaryşyň iň ýokary netijeleriniň biri hökmünde bellendi. Mugallymlaryň we guramaçylaryň aýtmagyna görä, türkmen ýaşlary çylşyrymly meseleleri çalt we dogry çözmekde uly ussatlyk görkezdiler.
Zehinli çagalaryň gazanan bu uly ýeňşi ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillere dünýä standartlaryna laýyk gelýän şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. Singapurda hasaba alnan bu üstünlik ýaş matematikaçylara geljekde halkara derejede has uly ylmy we tehnologik taslamalara gatnaşmaga we ýurdumyzyň abraýyny belent tutmaga täze giň gapylary açýar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.