Oýun sanawy


2025-nji ýylyň awgust aýynyň 3 - 13-i aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde adaty karate boýunça Merkezi Aziýa çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýokary netijeler bilen çykyş edip, dürli ýaş toparlarynda jemi 16 medal gazandylar.
Türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal bilen baýrakly orunlara mynasyp boldular. Esasan hem ýaş karateçileriň kата we кумитэ ugurlaryndaky çykyşlary aýratyn bellenildi.
Altyn medallary gazananlar: Şamyrat Hojageldiýew (6–7 ýaş, iki medal), Aýlar Azadowa (10–11 ýaş), Damir Allaberdiýew (10–11 ýaş), Medina Gazakowa (12–13 ýaş), Adylşa Ataýew (14–15 ýaş), Ybrahim Şagulyýew (16–17 ýaş), Nurgeldi Annagurbanow (18–21 ýaş) we Hemra Begjanow (18–20 ýaş).
Kümüş medallara mynasyp bolanlar: Aýlar Ilhanowa (10–11 ýaş, iki medal) we Selim Myratdurdyýew (21–25 ýaş). Bürünç baýraklary gazananlar: Myahri Sahatowa, Süleýman Rowşenow (ikisi-de 12–13 ýaş), Soltanşa Atanyýazow we Serdar Baýryýew (ikisi-de 16–17 ýaş).
Ýaryşa sebitiň bäş döwletinden 500-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen karateçileri Aşgabat şäheriniň, Ahal hem-de Daşoguz welaýatlarynyň okuw mekdeplerinden we ýokary okuw jaýlaryndan saýlanyp alnan türgenler boldy.
Şeýle hem okanyň


Gyrgyzystanda geçirilen VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Dünýäniň 106 ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagynda geçen bu halkara etnosport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Biziň pälwanlarymyz bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç — jemi 11 medal eýeläp, umumy medal sanawynda 7-nji orny eýelediler. Меdal toplamakda birinji orny Gazagystan, ikinji orny Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa Russiýa eýeledi.
Milli ýygyndymyzyň türgenleri milli göreş, kuraş, alyş, ssirym, gazak we azerbaýjan göreşleri ýaly ugurlarda tapawutlandylar. Bäsleşikleriň maksatnamasy diňe bir güýç synanyşyklaryny däl, eýsem kök-börü, er-eňiş, guşly aw oýunlary we «otly çapyksuwar» şowusy ýaly täsirli medeni dabaralary hem öz içine aldy. Ýapylyş dabarasynda dron şüweleňi we halkara konsert geçirildi, şeýle hem nobatdaky VII Oýunlary 2028-nji ýylda geçirmek gezegi Russiýanyň Kazan şäherine gowşuryldy.