Oýun sanawy


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
27 Awgust. 14:49Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen gepleşikleri geçirdi. Diplomatik duşuşygyň başynda nemes diplomaty Özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna gowşurdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» köptaraplaýyn meýdançasynyň çäklerindäki netijeli özara tumuşlygatnyşyklara ýokary baha berildi.
Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň eýeleýän möhüm orny barada aýratyn bellenilip geçildi. Mümkinçilikleri doly peýdalanmak maksady bilen ekologiýa, senagat we maýa goýum ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajyplygy nygtaldy.
Mundan başga-da, duşuşykda medeniýet, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine seredildi. Taraplar bilelikdäki medeni çäreleri guramagyň hamala bilim maksatnamalaryny giňeltmegiň zerurlygyny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.