Oýun sanawy

Türkmenistanyň Prezidenti Seulda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşar

08 Aprel. 07:58

Çeşme

2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary meýilleşdirilýär. Saparyň esasy maksady Seul şäherinde ilkinji gezek geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşmakdan ybaratdyr. Bu möhüm syýasy waka barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen geçiren duşuşygynda habar berdi.

Diplomat öz çykyşynda Aşgabat bilen Seulyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze belentliklere göterilýändigini aýratyn nygtady. Öňde duran ýokary derejeli sammit syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Taraplar tehnologiýalar, energetika we düzümleýin taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar, bu bolsa sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam eder.

Talyplar bilen geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ministriň orunbasary ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky soňky özgerişler barada giňişleýin maglumat berdi. Duşuşykda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň taryhy ähmiýeti barada durlup geçildi. Şeýle hem, daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ýurduň geljekki ösüşindäki tutýan orny we olara döwlet tarapyndan bildirilýän uly ynam bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda talyplaryň okuw ýetişigi we durmuş şertleri barada gyzykly pikir alyşmalar boldy. Ahmet Gurbanow ýaşlaryň sowallaryna jikme-jik jogap berip, olaryň döwrebap ylymlary özleşdirmekleri üçin döredilýän şertler barada gürrüň berdi. Döwletimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty dünýä derejesindäki ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen bolup, daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.