Oýun sanawy

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanadaky halkara seminara gatnaşdy

16 Sen. 05:39

Çeşme

9–12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri iş sapary bilen Astana bardylar. Olar durnukly ösüş we ESG ýörelgeleriniň (ekologiýa, jemgyýetçilik, dolandyryş) bilim hem-de hünär ugurlaryna ornaşdyrylmagyna bagyşlanan halkara seminara gatnaşdylar.

Seminar Gazagystan Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynda geçirildi we Erasmus+ ESGCA taslamasynyň çäklerinde guraldy. Bu taslama Merkezi Aziýada ýokary bilimi ESG standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Maslahatda ýaşyl geçiş, ekologiýa boýunça hasabatlylyk we daşky gurşawy goramak boýunça döwrebap tehnologiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä döwlet edaralaryndan, ylmy guramalardan we işewürlik toparlaryndan 130-dan gowrak adam gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekilleri işjeň çykyş etdiler we ESG ýörelgelerini ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Bu sapar halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de durnukly ösüş ugrunda täze mümkinçilikleriň açylmagyna şert döretdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌