Oýun sanawy


Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisi öz işini alyp barýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu halkara çärede ýurdumyzyň wekiliýetine Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewa ýolbaşçylyk edýär.
Halkara maslahatda çykyş eden türkmen wekilleri ýurduň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmegi gadagan etmek baradaky ählumumy ýörelgelere doly ygrarlydygyny ýene bir gezek tassykladylar. Şeýle-de, bu möhüm resminamanyň gol çekilmäge açylmagyna we Türkmenistanyň oňa goşulmagyna 30 ýyl dolmagy dabaraly bellenip geçildi. Duşuşykda milli derejede hereket edýän PS44 «Alibek» seýsmiki stansiýasynyň Halkara gözegçilik ulgamyndaky netijeli işi barada hem durlup geçildi.
Mundan başga-da, CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýduň golaýda Aşgabada amala aşyran saparynyň netijelerine ýokary baha berildi. Ýatlap geçsek, şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagtynda sebit derejesindäki ýokary duşuşyk, milli maglumatlar merkezleri üçin okuw maslahaty we parahatçylygy hem-de ýadro ýaragsyzlanmagyny goldaýan Ýaşlar forumy guralypdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.