Oýun sanawy

Fransiýada türkmen medeniýetiniň dabarasy boldy

09 Aprel. 15:25

Çeşme

Fransiýanyň Grets-Armanwilýe şäherinde türkmen medeniýetini we sungatyny wagyz etmäge gönükdirilen uly göwrümli medeni çäre guraldy. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň hem-de degişli döwlet edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabarada milli gymmatlyklarymyz we döwrebap sungatymyz Ýewropa jemgyýetçiligine tanyşdyryldy. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky medeni diplomatiýanyň ösmeginde möhüm ädim boldy.

Dabara gatnaşan resmi wekiller medeniýetiň halklary ýakynlaşdyrýan iň täsirli guraldygyny nygtadylar. Şeýle hem, ýerli häkimiýet edaralaryna we «Fransiýa–Türkmenistan» dostluk assosiasiýasyna türkmen medeniýetine bolan gyzyklanmasy we goldawy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirildi. Gepleşikleriň we çykyşlaryň dowamynda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri esasy mowzuga öwrüldi.

Konsertiň dowamynda türkmen bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren halk sazlary we milli aýdymlary myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Medeni çäräniň çäginde guralan sergide bolsa ajaýyp türkmen halylary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli mirasa degişli neşirler görkezildi. Esasanam, dünýä taryhynda we medeniýetinde öçmejek yz galdyran ahalteke bedewleri baradaky bölüme, şol sanda at seýislemek sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine aýratyn üns çekildi.

Çäräniň ahyrynda myhmanlar türkmen aşhanasynyň iň milli we meşhur tagamlaryndan dadyp gördüler. Myhmanlar we ýerli ilat üçin guralan bu saçak medeni hyzmatdaşlygyň dabaraly jemlenmesine öwrüldi. Guralan bu agşam diňe bir sungat çäresi bolman, eýsem türkmen halkynyň gadymy mirasyny we häzirki zaman üstünliklerini dünýä ýüzünde wagyz etmegiň aýdyň nusgasy boldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌