Oýun sanawy


«Aýdyň Gijeler» HJ Eswatinide täze nesil tehnologik resminamalaryny öndürer
30 Maý. 16:58Abu-Dabi şäherinde Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Mswati III bilen «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň netijesinde täze nesil goragly resminamalary we ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek we ibermek baradaky bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem taslamanyň çäklerinde türkmen tarapyna afrika döwletiniň çäginde önümçilik meýdançalaryny bermek göz öňünde tutulýar.
Mälim edilşi ýaly, Mertebeli Patyşa Mswati III Eswatini Patyşalygynyň raýatlary üçin 1 500 000 sany milli şahsyýetnama kartyny we 500 000-den gowrak biometrik pasporty taýýarlamak boýunça taslama hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu bilelikdäki başlangyç ýurduň ilatyny sanlylaşdyrmak we şahsyýeti anyklaýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda ädilen strategik ädim boldy. Ýokary derejeli bu duşuşyga eswatini tarapyndan döwlet ýolbaşçylygynyň beýleki esasy wekilleri hem gatnaşdy.
Öndüriljek täze sanly resminamalar Ýewropanyň «Austrian Cards» kompaniýasynyň ýokary goragly çip platformasyna esaslanar. Şeýle hem önümçilikde ICAO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň talaplaryna doly laýyk gelýän häzirki zaman kriptografik hem-de biometrik tehnologiýalar ulanylar. Bu bolsa resminamalaryň dünýä standartlarynyň iň ýokary derejesine laýyk gelmegini we galp ýasalmagyndan doly goralmagyny üpjün eder.
Gazanylan ylalaşyklar Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diňe bir sanly resminama dolanyşygy pudagynda däl, eýsem telekommunikasiýa, maglumat tehnologiýalary, yşyklandyryş tehnikasy we ýol infrastrukturasy ýaly ugurlarda hem uzak möhletli hyzmatdaşlygyň binýadyny goýdy. Iş saparynyň dowamynda «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri Eswatininiň Daşary işler, Içeri işler hem-de Söwda we senagat ministrlikleri bilen aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.