Oýun sanawy


Türkmen işewürleri TIF 2026 forumynda dünýäniň iri kompaniýalary bilen duşuşyklary meýilleşdirip bilerler
18 Sen. 13:142026-njy ýylyň 1–2-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2026) çäklerinde 40-dan gowrak ýurtdan 200-den köp daşary ýurt kompaniýasynyň wekilleri bir ýere jemlener. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçiriljek bu çäre ýerli telekeçiler üçin jagazly gepleşikleri geçirmäge uly mümkinçilik döredýär. Ulag, nebit-gaz, oba hojalygy, maliýe we tehnologiýa pudaklarynyň halkara ägirtleri bilen duşuşyklary tötänleýin tanyşlyga garaşman, öňünden meýilleşdirip bolýar.
Bilelikdäki gepleşikleri bütinleý aňsatlaşdyrmak üçin gatnaşyjylara «Attendee Hub» şahsy otagy hem-de «TIF 2026» ykjam telefon goşundysy elýeterli edildi. Ulanyjylar goşundy arkaly kompaniýalaryň sanawyny öwrenip, gyzyklandyrýan tarapa duşuşyk haýyşnamasyny häzirden ugradyp bilerler. Bu ulgam duşuşygyň wagtyny we ýerini öňünden ylalaşmaga şert döredýär. «Turkmen Expo» kompaniýasynyň habar gullugy forumyň barşyny we işewürlik duşuşyklaryny giňden şöhlelendirmegi üpjün edýär.
Forumda Mitsubishi, Samsung C&T, John Deere, CLAAS, Siemens Energy, TotalEnergies, Damen Shipyards ýaly dünýä meşhur brendler hem-de Bütindünýä banky, ÝTÖB, YsOB ýaly halkara maliýe institutlary wekilçilik ediler. Şeýle hem çärä Hazar Gurluşyk, Aýdyň Gijeler, Beýik Ýüpek Ýoly we beýleki öňdebaryjy türkmen kompaniýalary gatnaşar. Forumyň Maksatnamasy 8 sany tematik sessiýany öz içine alýar. Netijeli gepleşikler üçin işewürlere öz kompaniýasy barada iňlis dilinde gysgaça maglumat taýýarlamak we duşuşygyň maksatlaryny takyk kesgitlemek maslahat berilýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.