Oýun sanawy


FIFA Londondaky «Ten Toes Media» marketing agentligi bilen guramanyň we onuň prezidenti Janni Infantinonyň köpçülik öňündäki abraýyny galdyrmak maksady bilen 3,1 million dollarlyk şertnama baglaşdy. «The Times» gazetiniň habar bermegine görä, 2025-nji ýylyň martynda gol çekilen bu ylalaşyk 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket eder. Agentlik, şeýle hem, FIFA-nyň sosial torlardaky sahypalaryny dolandyrmaga ýardam berýär.
Bu maglumat Infantinonyň «FIFA Forward Enterprise» atly täze kompaniýany döretmek baradaky şowsuz başlangyjy sebäpli dörän jedeller bilen bir wagta gabat geldi. Ýylda 4,2 milliard dollar girdeji getirmeli bu taslama UEFA, CONCACAF, AFC we CONMEBOL tarapyndan çürt-kesik ret edilip, guramanyň resmi taýdan ötünç soramagy bilen netijelendi. Ýöne «The Times» neşiri agentlik bilen hyzmatdaşlygyň bu wakalardan hem öň ýola goýlandygyny bellenip geçýär.
Janni Infantino 2016-njy ýyldan bäri FIFA ýolbaşçylyk edip gelýär we bäsdeşsiz iki gezek gaýtadan saýlandy. Guramanyň prezidentligine nobatdaky saýlawlar 2027-nji ýylyň martynda Marokkoda geçiriler.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.