Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
07 Awgust. 05:59Şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki ýurduň halkara giňişliginde abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýandyklaryny bellediler we şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklarynda möhüm tapgyr boljakdygyna, onuň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň we Türkmenistan bilen tanyşlygyň bolsa özara hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem taraplar häzirki wagtda energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Netijeli geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi iki ýurduň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.