Oýun sanawy

San-Tome we Prinsipi Respublikasynyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

04 Awgust. 12:43

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti jenap Karlos Manuel Wila Nowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.

«Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda berilýän habara görä, ýokary derejeli myhmany alyp gelen uçar Türkmenbaşy halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Prezident Karlos Manuel Wila Nowa we onuň ýanyndaky wekiliýet türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli hem-de dabaraly garşylandy.

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy Afrika yklymynyň kenarlaryndan 300 km günbatarda ýerleşýän, Atlantik ummanynyň Gwineýa aýlagynda ýerleşýän ada döwletidir. Adatça kakao ösdürip ýetişdirilmegine bagly bolan ýurduň ykdysadyýeti soňky döwürde Gwineýa aýlagynyň suwlarynda nebit ýataklaryny özleşdirmek üçin maýa goýumlary bilen baglanyşykly möhüm özgerişlikleri başdan geçirdi.

San-Tome we Prinsipi Respublikasynyň Baştutanynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerine bagyşlanan bu möhüm halkara foruma gatnaşmagy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle-de bu sapar oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça umumy çözgütleri işläp düzmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.