Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa maslahatlaryna gatnaşmak üçin Astana bardy
21 Aprel. 16:55Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça resmi sapar bilen Astana geldi. Döwlet Baştutany saparynyň dowamynda Sebit ekologiýa sammitine hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Astananyň howa menziline gelen belent mertebeli myhman resmi derejede garşylanyldy.
Duşuşyklaryň esasy maksady Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek we sebitara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakdan ybaratdyr. Maslahatda sebit üçin möhüm bolan howa we suw meseleleri, şeýle-de ekologiýa howpsuzlygyny berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar. Taraplar tebigy baýlyklary goramakda bilelikdäki täze strategiýalary işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler.
Garaşylyşy ýaly, ýokary derejeli maslahatyň netijesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň sebit ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki Jarnamasy kabul ediler. Bu resminama sebit döwletleriniň tebigaty goramak ugrundaky tagallalaryny birleşdirmäge we anyk taslamalary durmuşa geçirmäge hukuk binýadyny döreder. Türkmenistan bu ugurdaky sebitara başlangyçlary yzygiderli goldap gelýär.
Şeýle-de, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde birnäçe wajyp resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Mejlisde Aral sebitindäki ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak we suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça geljekki ädimler kesgitlener. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary goňşy döwletler bilen dostlukly we ekologiýa taýdan durnukly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant bolar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.