Oýun sanawy

Milli muzeýde iň gowy halyçylaryň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

31 Maý. 06:25

Çeşme

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly döredijilik bäsleşiginiň dabaraly ýapylyşy boldy. Türkmen halysynyň baýramyna gabatlanyp geçirilen bu bäsleşigiň çäklerinde eminler topary önümleriň hiline garaşsyz baha berdi. Seljermeleriň barşynda çeper we amaly el işleriniň dokalyş aýratynlyklaryna, dizaýnerçilik çemeleşmelerine hem-de nagyşlaryň taryhy durnuklylygyna aýratyn üns berildi.

Bäsleşigiň baş baýragyna (Gran-pri) Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussatlary tarapyndan dokalan «Bagtyýar» atly täsin peýzaž halysy mynasyp boldy. Annagözel Meläýewanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň taýýarlan bu önüminiň umumy meýdany 6,06 inedördül metre deňdir. Panno-peýzaž ugry boýunça bolsa birinji orny Milli muzeýiň öz hünärmenleriniň taýýarlan «Aýna goçak» zähmet önümi eýeledi, ikinji we üçünji orunlary bolsa paýtagtly halyçylaryň «At» hem-de «Alabaý» atly işleri paýlaşdy.

Meýdany 4 inedördül metrden uly bolan düşeklik halylaryň arasynda ýokary çeperçiligi üçin Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Maýa Açylowanyň ýolbaşçylygynda dokan «Owgan göli» atly gyzyl halysy birinji orna mynasyp boldy. Ululygy 2,5 inedördül metrden 3,90 inedördül metre çenli bolan aralykdaky önümlerden bolsa Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň «Eňsi» halysy iň gowy iş hökmünde saýlandy we Daşoguz hem-de Bereket şäherleriniň önümlerini yzda galdyrdy.

Kämilligi we inçeligi talap edýän sowgatlyk kiçi göwrümli (1 inedördül metre çenli) önümleriň arasynda Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň işçisi Aýnagözel Suwhanowanyň dokan «Şelpeli gölçe» atly dutar daşlygy ýeňiji boldy. Bu ugurda indiki orunlary Halaç we Bereket kärhanalarynyň wekilleri eýelediler. Ýaryşyň jemleri boýunça tapawutlanan ähli hünärmenlere we döredijilik toparlaryna guramaçylar tarapyndan dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌