Oýun sanawy


Türkmen wekiliýeti Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Altaý Respublikasynda geçirilen Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşdy. 25-nji iýulda geçirilen maslahatyň esasy temalary howanyň üýtgemegi, milli ykdysadyýetiň ösüşi hem-de biodürlüligi gorap saklamak bilen bagly boldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, wise-premýer N.Atagulyýew maslahatda çykyş edip, Türkmenistanda ekologiýa howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de tebigy mirasy gorap saklamaga gönükdirilen ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlaryna çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Şeýle-de çykyşda Türkmenistanyň gatnaşýan ekologiýa ulgamyndaky halkara konwensiýalary, ýurduň aýratyn goralýan tebigy ýerleri, bag nahallaryny oturtmak, agrosenagat we senagat pudaklaryna innowasiýa, suw tygşytlaýjy, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işler dogrusynda aýdyldy diýlip, habarda bellenilýär.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanyň wekiliýeti Manasda GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşine gatnaşdy
Oktýabr aýynyň 30-da Gyrgyz Respublikasynyň Manas şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşiniň mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Mejlise Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň serhet gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem GDA ýerine ýetiriji komitetiniň, Geňeşiň utgaşdyryjy gullugynyň, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHSG), ŞHG-nyň we Serhet gullugynyň weteranlarynyň halkara birleşiginiň wekilleri gatnaşdy diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Geňeşde GDA agza ýurtlarynyň daşky serhetlerindäki ýagdaýlar seljerildi hem-de olaryň howpsuzlygyny berkitmek boýunça goşmaça çäreler kesgitlenildi.
Şeýle hem GDA-nyň Terrorçylyga garşy merkezi, Jenaýatçylyk bilen göreşi utgaşdyryjy býuro we ŞHG-nyň sebit terrorçylyga garşy gurluşy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geňeş 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleri seljerip, indiki döwür üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Jemi 22 çözgüt kabul edilip, olar serhet howpsuzlygyny berkitmäge hem-de GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.
Mundan başga-da, serhetleri goramakda aýratyn göreldelik görkezen harby gullukçylara Geňeşiň karary bilen sylaglar gowşuryldy.