Oýun sanawy


«Täze Aý» kompaniýasy TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly sergä gatnaşdy
18 Mart. 13:04Türkmenistanyň azyk senagatynyň öňdebaryjy wekilleriniň biri bolan «Täze Aý» kompaniýalar topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýöriteleşdirilen sergä işjeň gatnaşdy. Paýtagtymyzda geçirilen bu iri çäre ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazananlaryny görkezmek üçin möhüm platforma boldy. Sergi öz wagtynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna wekilçilik edýän 100-den gowrak ýerli kärhanany we telekeçini bir ýere jemledi.
Kompaniýa sergi merkezindäki özboluşly we döwrebap bezelen diwarlygynda önümleriniň gaty giň görnüşini jemgyýetçilige tanyşdyrdy. Bu ýerde sarp edijileriň söýgüli iýmitlerine öwrülen şöhlat önümleri, dürli görnüşli süýt we peýnir önümleri, şeýle hem täze bişirilen çörek we konditer önümleri görkezildi. Sergä gelen myhmanlar diňe bir önümleriň köpdürlüligine baha bermek bilen çäklenmän, eýsem öndürijiniň iň täze teklipleri we hili barada jikme-jik maglumat almaga mümkinçilik aldylar.
«Täze Aý» kärhanalar topary Türkmenistanyň azyk bazarynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri durnukly we netijeli iş alyp barýar. 2004-nji ýylda birnäçe iri önümçilik desgalarynyň birleşmeginiň netijesinde döredilen bu marka, häzirki wagtda ýurduň iň tanalýan brendleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagtda kompaniýa şöhlat, süýt, et ýarym taýýar we konditer önümlerini öndürmekde ýöriteleşip, sarp edijilere ýüzlerçe görnüşli, ekologik taýdan arassa azyk harytlaryny yzygiderli hödürläp gelýär.
Önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýan kompaniýa 2025-nji ýylda Mary welaýatynda täze taslamany durmuşa geçirdi. Şol ýerde mallar we balyklar üçin niýetlenen utgaşdyrylan iýmit önümçiligi ýola goýuldy, bu bolsa kärhananyň diňe bir sarp ediş harytlary däl, eýsem oba hojalyk pudagynda hem öz ornyny berkidýändigini görkezýär. Şeýle ädimler ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we ýerli önümçiligi ösdürmekde «Täze Aý»-yň möhüm ornuny ýene bir gezek subut edýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.