Oýun sanawy


Awazadaky halkara sammit: Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň baştutanlary 8-nji oktýabrda duşuşarlar
31 Iýul. 11:50Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda geçirilen resmi däl duşuşykda mälim etdi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň bu halkara çärä uly jogapkärçilik bilen taýýarlanýandygyny we onuň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady.
Duşuşygyň meýilleşdirilen gün tertibi eýýäm gatnaşyjy ýurtlara iberildi we ol bäş sany esasy ugry öz içine alýar. Ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň hatarynda sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem energetika we ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bar.
Maslahatlaşmalaryň aýratyn bölegi daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de Amyderýa we Syrderýa suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselelerine bagyşlanar. Mundan başga-da, Aral deňzini dikeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak hem-de medeni-bilim we talyp alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyny bu formata doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen gutlady. Geçen ýyl Daşkentde kabul edilen bu çözgüdiň alty döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä ýetirjekdigi bellenildi. Sammitiň geçirilýän günlerinde Awazada birnäçe ugurdaş halkara forumlaryň we medeni çäreleriň gurallajakdygy hem habar berildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.