Oýun sanawy


Dünýä çempionatynyň açylyşynyň öňüsyrasynda «Asteka» stadionynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy
11 Iýun. 05:31Meksikanyň paýtagty Mehiho şäherinde ýerleşýän meşhur «Asteka» stadionynda futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň açylyş duşuşygynyň öňüsyrasynda dünýä döwletleriniň baýdaklary dabaraly ýagdaýda galdyryldy. Şolaryň hatarynda taryhy pursatlara şaýat bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem bar. Biziň ýaşyl baýdagymyz iňlis elipbiýsiniň halkara tertibine laýyklykda, Türkiýäniň we Tuwalunyň baýdaklarynyň edil ortasynda ýerleşdirildi.
Garaşylýan uly ýaryşyň açylyş duşuşygynda çempionaty guraýjy Meksikanyň milli ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň güýçli ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanmagyna garaşylýar. Dünyäniň iň uly sport baýramçylygynyň bu ilkinji oýnunyň göni ýaýlymy ýurdumyzda «Belet» sanly platformasy arkaly futbol muşdaklaryna durnukly gowşurylar.
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda Demirgazyk Amerikanyň üç sany ägirt döwletiniň — ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň iň döwrebap stadionlarynda geçiriler. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry 11–27-nji iýun aralygynda dowam edip, her bir milli ýygyndy aýlaw ulgamy boýunça jemi üç sany jogapkärli duşuşyk gurar.
Täze düzgünlere laýyklykda, indiki pleý-off tapgyryna her toparçada ilkinji iki orny eýelän iň gowy netijeli ýygyndylar, şeýle hem üçünji orunlary eýelän toparlaryň arasynda iň ýokary netije we utuk gazanan sekiz sany güýçli ýygyndy gatnaşmaga hukuk alar. Bu gezekki dünýä çempionatynyň çäklerinde jemi 104 sany duşuşyk geçiriler we bu görkeziji dünýä futbolynyň taryhynda täze rekord hökmünde hasaba alynar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.