Oýun sanawy


«Türkmennebit» döwlet konserniniň we dokma senagatynyň önümleri ýokary islegden peýdalandy
25 Maý. 11:11Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHCMB) söwdalary diňe bir daşary ýurtly maýadarlaryň däl, eýsem, ýerli işewürleriň hem gatnaşmagynda diýseň netijeli geçip, geleşikleriň 26-sy resmi taýdan hasaba alyndy. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygy sebäpli, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan eksport geleşikleriň umumy bahasy 3 million 526 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Biržanyň daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynda esasy isleg ýurduň dokma toplumynyň önümlerine düşdi. Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli nah ýüplügi hem-de pagta süýümini uly möçberlerde satyn almak boýunça şertnamalara gol çekdiler. Bu bolsa türkmen dokma harytlaryna daşary ýurtlarda bolan ynamyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şonuň bilen birlikde, içerki bazar üçin guralan söwdalarda hem ýerli telekeçiler tarapyndan uly işjeňlik görkezildi. Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri önümçilik we sarp ediş zerurlyklary üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda taýýarlanylan binýatlyk ýagyny uly möçberde satyn aldylar. Mundan başga-da, ýerli telekeçiler tarapyndan pagta ýagy, bugdaý uny hem-de çig ýüpek ýaly ýurt içinde örän geçginli bolan önümler satyn alyndy.
Ýurduň içerki bazarynda türkmen telekeçileriniň baglaşan geleşikleriniň jemi bahasy 173 million 734 müň manada deň boldy. Bu görkezijiler döwletimiziň senagat we agrar kuwwatynyň durnukly ösýändigini hem-de ýerli önüm öndürijileriň çig mal üpjünçiliginiň pugtalandyrylýandygyny görkezmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň geriminiň barha giňeýändigine şaýatnamadyr.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.