Oýun sanawy


Mogilýow wagon gurluşyk zawody Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýarlanýar
18 Mart. 07:21Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň çäginde Belarusiýanyň maşyngurluşyk pudagynyň ägirdi bolan Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň wekilleri öz mümkinçiliklerini tanyşdyrdylar. Kärhana Türkmenistanyň ulag-logistika bazaryny öz ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Belarus hünärmenleri ýurdumyzda amala aşyrylýan iri infrastruktur we ulag taslamalaryna uly gyzyklanma bildirýärler.
Kompaniýanyň marketing we ýerleme bölüminiň başlygy Andreý Harkewiç eýýäm Russiýanyň we Gazagystanyň bazarlarynda uly tejribe toplandygyny, indi bolsa Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändiklerini belledi. Zawodyň wekilleri Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary agentligi we beýleki logistika edaralary bilen birnäçe duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu duşuşyklar ýerli bazaryň tehniki isleglerini has takyk öwrenmäge ýardam eder.
Mogilýow zawody häzirki wagtda ýük wagonlarynyň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça ýöriteleşen häzirki zaman kärhanasydyr. Onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 500-den gowrak wagona deň bolup, öndürilýän önümleriň hatarynda däne, sement we mineral dökünleri daşamak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen wagonlar bar. Şeýle-de zawod agaç we uly göwrümli gurluşyk materiallaryny daşamak üçin niýetlenen köpugurly platformalary hem-de açyk wagonlary hödürleýär.
Kärhana diňe bir bar bolan modeller bilen çäklenmän, eýsem önümçilik gerimini hem yzygiderli giňeldýär. Hususan-da, şu ýyl zawod üsti ýapyk wagonlaryň täze nusgalarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. IFT 2026 halkara forumy belarus maşyngurluşykçylary üçin täze bazary özleşdirmekde we Türkmenistanyň ulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşmakda möhüm strategik ädim bolup hyzmat eder.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.