Oýun sanawy

Halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: WCA 2026 sergisinde alty ýurduň kompaniýalary bilen resminamalar toplumyna gol çekildi

25 Maý. 08:20

Çeşme

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» (WCA 2026) XXV halkara köpugurly sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň hökümetiniň, pudaklaýyn ministrlikleriniň, häkimlikleriniň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Baglaşylan ylalaşyklar milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etjek sanly tehnologiýalar, energetika, ulag-logistika, agyr senagat we şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak ýaly strategik taýdan möhüm ugurlary öz içine aldy.

Sanly ulgamy ornaşdyrmak we tehnologik ekoulgamlary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Singapuryň «Bitdeer Technologies Group» kompaniýasy bilen köptaraply özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu resminama ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga, döwrebap sanly düzümleri döretmäge hem-de önümçilik pudaklaryna iň täze intellektual çözgütleri we maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam berer.

Energetika we senagat pudagynda hem dünýäniň iri wekilleri bilen strategik ylalaşyklar gazanyldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasy bilen innowasion tehnologiýalary getirmek we pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy. Şonuň bilen bir wagtda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd.», «Mitsubishi Corporation Machinery Inc.» hem-de Türkiýäniň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium bilen «Garabogazkarbamid» zawodynyň ammiak we karbamid toplumyna ýokary derejede tehniki hyzmat etmek we abatlamak boýunça ähtnama gol çekdi. Şeýle-de, konsern Hytaýyň «Hong Kong Richie Sweet Co., Ltd.» kompaniýasy bilen önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek barada aýratyn resminama baglaşdy.

Ulag ulgamy we şäher gurluşygy boýunça gazanylan ylalaşyklar paýtagtymyzyň we sebitleriň durmuş derejesini has-da ýokary götermäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Germaniýanyň «Inros Lackner SE» kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery Co., Ltd.» we «Sinotruk Hong Kong Capital Holding Limited» kompaniýalary bilen ýörite tehnikalary getirmek, awtoparky düýpli täzelemek we logistikany ösdürmek boýunça ylalaşyklar baglaşdy. Şäher düzümini ösdürmek dabaralarynyň çäklerinde, Aşgabat şäher häkimligi «Gök depeler» ykdysady jemgyýeti bilen Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda hersi 720 orunlyk iki sany döwrebap mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada, şeýle-de «Hil merkez» hususy kärhanasy bilen şol çäkdäki ýaşaýjylar üçin täze saglyk merkezini gurmak barada şertnamalara gol çekişdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌