Oýun sanawy

Wenesuelada we Ýaponiýada ägirt uly ýerasty sarsgynlar hasaba alyndy: Adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

25 Iýun. 16:53

Çeşme

Wenesuelada 24-nji iýunda gysga wagt aralygynda 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki sany weýrançylykly ýer titremesi boldy. «Reuters» agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, sarsgynlaryň ojaklary Karib deňziniň kenarýakasynda, Moron şäheriniň golaýynda, 10–13 kilometr çuňlukda ýerleşipdir. Betbagtçylyk paýtagt Karakasda we ýurduň beýleki sebitlerinde ägirt uly weýrançylyklara eltdi. Wenesuelanyň Içeri işler ministrligi paýtagtda köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň ýykylandygyny tassyklady. Ýurtda resmi taýdan adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi gullugynyň (USGS) deslapky çaklamalaryna görä, pidalaryň sany uly bolup biler, emma ýerli häkimiýetler ölenleriň we ýaralananlaryň takyk sanyny anyklamagy dowam etdirýärler.

Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Delsi Rodriges esasy sarsgynlardan soň ýene 20-den gowrak kiçi sarsgynlaryň (afterşoklaryň) bolandygyny, taryhy La-Guaýra portunda we Karakas howa menzilinde weýrançylyklaryň emele gelendigi sebäpli howa menziliniň wagtlaýyn ýapylandygyny mälim etdi. Halkara hünärmenler sebitde ilki sunami howpuny yglan eden hem bolsalar, bir sagatdan soň bu duýduryşy ýatyrdylar. Gözganyň sebäbi hökmünde Wenesuelanyň Karib deňzi we Günorta Amerika tektonik plitalarynyň durnuksyz çatrygynda ýerleşýändigi görkezilýär.

Şu waka bilen birwagtda, 25-nji iýuna geçilen gije Ýaponiýanyň Honsýu adasynyň demirgazyk-gündogar kenarýakasynda hem 7,2 bal (USGS-e görä 6,9 bal) güýjünde başga bir güýçli ýer titremesi boldy. Sarsgynyň merkezi Hatinohe şäherinden (Aomori prefekturasy) 67 kilometr uzaklykda, Ýuwaş ummanynyň çuňlugynda ýerleşýär. Häzirki wagta çenli Ýaponiýadaky ýer titremesi boýunça ýitgiler we adam pidalary barada resmi maglumat gelip gowşmady.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌