Oýun sanawy


Türkmenistanyň 17 ýokary okuw mekdebi «Hünär boýunça rus dili» onlaýn bäsleşiginde zehinlerini görkezdiler
14 Maý. 13:17Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Dünýä dilleri – dostluk ýollary» şygary astynda «Häzirki zaman hünär dilleri» atly sanly ulgam arkaly ders bäsleşigini guraldy. Bu intellektual bäsleşik ýokary okuw mekdeplerinde rus dili dersiniň okadylyşyny kämilleşdirmek we talyplaryň öz hünärleri boýunça dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan jemi 17 sany ýokary okuw mekdebine wekilçilik edýän 82 sany saýlama talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça 28 sany talyp ýokary görkezijileri gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olaryň arasyndan 7 talyp bäsleşigiň ýeňijisi bolup, I orny eýelemegi başardy. Ýeňijileriň hatarynda Halkara atçylyk akademiýasynyň, Döwlet energetika institutynyň, Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Döwlet maliýe institutynyň talyplary bar. Bu görkeziji rus diliniň diňe bir ynsanperwer däl, eýsem tehniki we ykdysady ugurlarda hem ýokary derejede özleşdirilýändigini subut edýär.
Baýrakly orunlaryň galan bölegi hem talyplaryň arasynda paýlanyldy: 10 talyp II orna, 11 talyp bolsa III orna mynasyp görüldi. Guramaçylyk toparynyň bellemegine görä, ders bäsleşiginiň sowallary we tabşyryklary talyplaryň diňe bir umumy dil bilimini däl, eýsem hünär terminologiýasyny ulanmak ukyplaryny hem barlamaga gönükdirildi. Onlaýn formatda geçirilen bu çäre bilim ulgamyndaky sanlylaşdyrma işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene bir mysalydyr.
Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli guralmagy, geljekde öz hünäriniň kämil eýesi boljak zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň halkara hyzmatdaşlykda dil ukyplaryny ulanmagyna giň ýol açýar. Hünär boýunça rus dilini öwrenmek talyplara häzirki zaman ylmy edebiýatlary we tehnologik täzelikleri özbaşdak öwrenmäge ýardam berýär. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere we işjeň gatnaşanlara degişli diplomlar gowşurylyp, olaryň täze üstünliklere bolan höwesi goldanyldy.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.