Oýun sanawy


Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda halkara talyplar üçin tanyşlyk duşuşygy geçirildi
07 Awgust. 09:58Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynda Aziýa ýurtlaryna, esasan hem Hytaý Halk Respublikasyna wekilçilik edýän 30 sany talypdan ybarat topar üçin tanyşlyk duşuşygy guraldy. Bilim maksatnamasynyň çäklerinde Brýussele gelen ýaşlar Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň işi, ýewropa diplomatiýasynyň binýatlyk ýörelgeleri we diplomatik wekilhanalaryň alyp barýan amaly işleri bilen tanyşdylar.
Maksatnamanyň çäginde Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow talyplary ilçihananyň binasynda kabul etdi. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilhana bolup hem hyzmat edýän bu diplomatik edarada ilçi myhmanlara Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişelik Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan ugurlary hem-de 2026-njy ýylda bellenilýän döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy sebäpli gazanylan üstünlikler barada giňişleýin maglumat berdi.
Tanyşdyrylyşyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna hem-de ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde eýeleýän ornuna aýratyn üns çekildi. Ilçi bu özboluşly atlaryň milli buýsanç hem-de gözelligiň we wepalylygyň nyşanydygyny nygtap, gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara atçylyk we medeni çärelerine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyrdy.
Tanyşdyrylyş tamamlanandan soňra, ilçi talyplaryň arasynda Türkmenistanyň taryhy, daşary syýasaty hem-de medeni mirasy boýunça bilim wiktorinasyny geçirdi. Soraglara takyk jogap beren gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, wiktorinada iň ýokary netijäni görkezen talyba bolsa baş baýrak hökmünde milli türkmen halysy gowşuryldy.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.