Oýun sanawy

Ýürek we aşgazan üçin haýran galdyryjy peýdaly miwe belli boldy

19 Mart. 16:00

Çeşme

ABŞ-nyň Men ştatynyň uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze ylmy-barlaglar ýabany çernikanyň adamyň saglygy üçin bahasyna ýetip bolmaz peýdasynyň bardygyny ýüze çykardy. 20 ýylyň dowamynda alnyp barlan synaglaryň we gözlegleriň netijeleri bu kiçijik miwäniň ýürek-damar ulgamyny we aşgazan-iýmit siňdiriş ýollaryny sagdyn saklamakda örän täsirlidigini görkezýär. Bu baradaky ylmy makala abraýly «Critical Reviews in Food Science and Nutrition» žurnalynda çap edildi.

Alymlaryň bellemegine görä, ýabany çernika adam tarapyndan ýetişdirilýän medeni görnüşlerinden özüniň baý düzümi bilen düýpli tapawutlanýar. Ýabany miwäniň düzüminde antioksidantlar iki esse köp bolup, olar öýjükleriň garramagynyň öňüni alýar. Şeýle hem onda kletçatka 72 göterim köp mukdardadyr, bu bolsa iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegine we madda çalşygynyň gowulanmagyna gönümel ýardam edýär.

Bu miwäniň ýürek üçin peýdasy onuň düzümindäki antosianlar — ösümlik birleşmeleri bilen düşündirilýär. Ýabany çernikada bu maddalar medeni görnüşine görä üçden bir derejede köpdür. Antosianlar gan damarlarynyň diwarlaryny berkidýär, bedendäki dürli çişme pursatlaryny peseldýär we gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Netijede, bu miwäni yzygiderli iýmek ýürek keselleriniň döreme töwekgelçiligini ep-esli azaldyp biler.

Hünärmenler bu oňyn täsirleri duýmak üçin günde takmynan ýarym ýa-da bir käse ýabany çernika iýmegi maslahat berýärler. Bellärlikli tarapy, miwäniň diňe bir ter görnüşi däl, eýsem doňdurylan ýa-da guradylan görnüşleri hem örän peýdalydyr. Alymlar gaýtadan işlenen pursatynda-da ýabany çernikanyň düzümindäki biologik işjeň maddalaryň we witaminleriň öz güýjüni doly saklaýandygyny tassyklaýarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌