Oýun sanawy


«Real Madrid» durmuş ulgamlarynda iň köp agzasy bolan dünýäniň iň meşhur futbol kluby diýlip yglan edildi
28 Maý. 13:34Şweýsariýada ýerleşýän Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) dünýäniň iň iri sanly platformalarynda futbol komandalarynyň resmi hasaplarynyň meşhurlygyna bagyşlanan täze seljeriş hasabatyny çap etdi. Hünärmenler Facebook, Instagram, TikTok, X we YouTube ýaly esasy durmus ulgamlaryny göz öňünde tutup, klublaryň internet auditoriýasynyň germini öwrendiler. Statistiki maglumatlaryň netijelerine görä, Ispaniýanyň «Real Madrid» topary bütin dünýäde janköýerleriň iň köp yzarlaýan sport brendi boldy.
Patyşalyk klubunyň dürli internet platformalaryndaky resmi hasaplaryna ýazylan adamlaryň umumy sany 487,6 milliona ýetdi. Sanawyň ikinji ornunda hem başga bir ispan grandy bolan «Barselona» ýerleşip, onuň sanly giňişlikdäki auditoriýasy 441,8 million ulanyjy bilen kesgitlenildi. Dünýäniň iň meşhur üçlügini bolsa Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary jemleýär. Bu iňlis klubunyň yzarlaýjylarynyň sany 238,6 million adama deň bolup, ol reýtingiň liderinden tas iki esse yza galýar.
Çap edilen dünýäniň iň meşhur 20 futbol guramasynyň sanawynda Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň wekilleri agdyklyk edýär. Reýtingde dördünji orundan onunjy orna çenli degişlilikde «Pari Sen-Žermen» (208,1 mln), «Mançester Siti» (187,8 mln), «Liwerpul» (179,2 mln), «Ýuwentus» (178,3 mln), «Bawariýa» (165,2 mln), «Çelsi» (156,5 mln) we «Arsenal» (118,5 mln) ýaly toparlar ornaşdylar. Olaryň yzy bilen sanawda «Tottenhem» (112,2 mln), «Atletiko Madrid» (91,4 mln) hem-de Italiýanyň «Inter» (82,7 mln) we «Milan» (81 mln) klublary gelýär.
Şol bir wagtda seljerijiler Ýewropa sebitinden daşardaky toparlaryň hem durmuş ulgamlaryndaky işjeňliginiň ýokarlanandygyny hasaba aldylar. Sanawyň ilkinji ýigrimiligine Braziliýanyň «Flamengo» (71,6 mln), Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» (66 mln), Müsüriň «Al-Ahli» (60,1 mln) we Türkiýäniň «Galatasaraý» (54,6 mln) toparlary girmegi başardy. Iň meşhur ýigrimi klubyň sanawyny 43,4 million yzarlaýjy bilen Italiýanyň «Roma» topary jemleýär. Dünýä belli ýyldyzlaryň çykyş edýän Amerikanynyň «Inter Maýami» kluby bolsa bu gezekki sanawda 21-nji ýerde galyp bildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.