Oýun sanawy


Dubaýyň maýa goýum we gozgalmaýan emläk boýunça eksperti Aşgabada geler
19 Awgust. 14:35Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin Dubaýdaky gozgalmaýan emläk boýunça dünýä derejesindäki hünärmenden sapak almak, oňa göni sowal berip, möhüm maglumatlary almak üçin uly mümkinçilik.
Ýewgeniýa Winokurova - Dubaýyň maýa goýum we gozgalmaýan emläk boýunça eksperti . Ol öz güýjüne daýanyp üstünlik gazanan zenanyň aýdyň mysalydyr. Ol ähli sepgide özi ýetdi we häzirki wagtda onuň agentligi Dubaýyň emläk agentlikleriniň TOP 5 hatarynda.
20–23 awgust aralygynda ol Aşgabada geler we Dubaýda maýa goýumlary hem-de gozgalmaýan emläkler bilen gyzyklanýanlaryň hemmesi üçin gymmatly we öz şahsy tejribelerine esaslanýan maslahatlary berer.
Habarlaşmak üçin aşakdaky maglumatlardan peýdalanyp bilersiňiz:
WhatsApp: +7914 721-54-45
Instagram acc: @tuimaada.realestate
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.