Oýun sanawy


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnaly raýatlar üçin ýurdumyzyň uly syýahatçylyk merkezi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýörite dynç alyş gezelençlerini yglan etdi. Şäher ilaty üçin guralýan bu saparlar demir ýol ululagy arkaly amala aşyrylar.
Täze syýahatçylyk maksatnamasy 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryndan başlap guralyp, raýatlara üç hem-de bäş günlik dynç alyş möhletleri hödürlenýär. Bu gezelençler deňiz ýakasynda amatly şertlerde dynç almak isleýän raýatlar üçin niýetlenendir.
Syýahatyň çäklerinde gelen myhmanlaryň ýaşamagy üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän döwrebap «Şowhun» kottejler toplumy bellenildi. Dynç alýanlara ähli amatlylyklary bolan binalarda durnukly şertler üpjün ediler.
Gezelençlere gatnaşmak, sargyt etmek we goşmaça maglumatlary almak isleýän raýatlar üçin 44-01-40, +99365561637, +99363276674 hem-de +99365839249 telefon belgileri arkaly habarlaşmak mümkinçiligi döredildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.