Oýun sanawy


Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda işewürlik işjeňliginiň ýokary derejesi hasaba alyndy. Jemi 17 sany geleşik baglaşylyp, daşary ýurtly maýadarlar bilen amala aşyrylan söwdalaryň umumy bahasy 11 million 375 müň amerikan dollaryndan geçdi. Bu görkezijiler ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň halkara bazarynda durnukly ornuny saklaýandygyny görkezýär.
Eksport geleşikleriniň esasy bölegini «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen binýatlyk ýaglar düzdi. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gruziýanyň işewürleri tarapyndan satyn alnan nebit önümleri türkmen energiýa serişdelerine bolan islegiň ýokarydygyny ýene bir gezek tassyklady. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlara dokma senagatynyň önümleri, nah ýüplükler, gurluşyk serişdeleri we azyk önümleri ýerlenildi.
Dokma we oba hojalyk pudaklarynyň önümlerine Türkiýäniň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Geleşikleriň çäklerinde ýarym fabrikat matalar, bugdaý uny we portlandsement ýaly harytlar halkara bazarlaryna ugradyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň diňe bir ýangyç-energetika däl, eýsem gaýtadan işleýän senagatynyň hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler tarapyndan amala aşyrylan söwdalaryň jemi bahasy 145 million 420 müň manatdan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri senagatda ulanmak üçin nebit önümlerini, polipropilen plýonkalaryny we dokma galyndylaryny satyn aldylar. Içerki birža amallarynyň şeýle ýokary möçberleri ýerli önümçiligiň ösüşine we hususy sektoryň çig mal üpjünçiliginiň pugtalanmagyna ýardam edýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.