Oýun sanawy

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ymtylýandygyny aýtdy

14 Awgust. 07:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurduň Prezidenti Asif Aly Zardaryny hem-de Premýer-ministri Şahbaz Şarifi gutlady. TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet Baştutany gutlagynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Pakistanyň bilen hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň bähbidine geljekde hem üstünlikli ösjekdigine ynanýandygyny nygtady.

Ol döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, özara peýdaly we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem üstünlikli dowam etjekdigine umyt bildirdi.

Döwlet Baştutany gutlagynyň ahyrynda Asif Aly Zardara we Şahbaz Şarife saglyk, bagt we abadançylyk, ähli pakistan halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we gülläp ösüş arzuw etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌