Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny tamamlady
25 Sen. 13:15Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eden iş saparyny tamamlady. Döwlet Baştutany Nýu-Ýork şäherindäki Jon F. Kennedi adyndaky Halkara howa menzilinden Watana ugrady. Saparyň ahyrynda Prezident amerikaly resmiler tarapyndan ugratdy.
Saparyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň birinji gününde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň pozitiw bitaraplyk syýasatyna ygrarlylygyny, halkara hukuga hormat goýýandygyny we konstruktiw hyzmatdaşlyga açykdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanynyň beýan eden pikirleri Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy, dünýäde parahatçylyk we durnukly ösüş ugrunda alyp barýan işlerine möhüm goşant boldy. Türkmenistan bitaraplyk ýörelgesini dünýäde durnuklylygy üpjün etmekde netijeli gural hökmünde öňe sürmegi dowam etdirýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň