Oýun sanawy

Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa 75 ýaş toýuny belledi

11 Iýun. 09:14

Çeşme

Türkmenistanyň halk artisti, professional aýdymçy Annagül Gurdowa 10-njy iýunda özüniň 75 ýaş ýubileý toýuny belledi. Bu şanly sene bilen bir hatarda, uly sahna ussadynyň tutuş ömrüni bagyşlan döredijilik we sahna işine gadam basanyna 70 ýyl tolmagy mynasybetli hem dabaraly çäreler guraldy.

Annagül Gurdowa Aşgabat şäherinde dünýä inip, aýdym-saz dünýäsine örän ir, çaga wagty gadam basýar. Ol bary-ýogy üç ýaşyndaka ilkinji gezek aýdym aýdyp başlaýar we gysga wagtyň içinde zehini saýlanyp, döwlet radio gepleşiklerine hem-de çagalar üçin taýýarlanylýan ýörite teleradio maksatnamalara yzygiderli çagyrylýar. Mekdep ýyllarynda bolsa geljekki halk artisti özüniň aýdymçylyk ukybyny has-da kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli we yhlasly zähmet çekýär.

Ýokary okuw mekdebinde hukuk boýunça hünär bilimi alyp, öz hünäri boýunça birnäçe wagt durnukly zähmet çeken hem bolsa, Annagül Gurdowa kalbyndaky sungata, professional saza bolan çäksiz Söýgüsine hemişe wepaly galmagy başardy. Ol özüniň aýdym-saz ýolundaky döredijilik işini hiç wagt duruzmady we häzirki wagtda hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde netijeli zähmet çekip, ýaş nesillere nusga bolup gelýär.

Özüniň uzak we dabaraly sungat ýolunyň dowamynda görnükli aýdymçy türkmen kompozitorlarynyň döreden köp sanly nusgawy eserlerini hem-de Gündogaryň beýik şahyrlarynyň goşgularyna döredilen ajaýyp aýdymlary belent owaz bilen ýerine ýetirdi. Onuň repertuaryndaky köp sanly aýdymlar halk arasynda giňden meşhurlyk gazanyp, dildestana öwrüldi we halkyň iň söýüp diňleýän altyn eserleriniň hataryna goşuldy.

















Wenesiýa kinofestiwalynda Ilon Mask barada täze dokumental film görkezildi

Bugün 06:58

Çeşme

Wenesiýa halkara kinofestiwalynda režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, telekeçi Ilon Maskyň ömri we işi baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bäsleşikden daşgary görkezilen we takmynan dört sagat dowam edýän bu kinofilmiň golaýda Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkezilmegi, 16-njy oktýabrda bolsa dünýä kinoteatrlaryna çykarylmagy meýilleşdirilýär.

Filmi döredijiler tarapyndan köpçülige hödürlenen tizer-wideo rolikde milliarder barada dürli garşylykly pikirler beýan edilýär. Onda käbir hünärmenler Masky häzirki döwrüň beýik oýlap tapyjysy diýip atlandyrsa, beýlekiler ony hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Tizer kosmos gämisiniň partlamagy we Maskyň «ýadro bombasy» bilen deňeşdirilmegi bilen tamamlanýar.

Tizerde Talking Heads toparynyň öňki solisti Dewid Birniň täze aýdymy ýaňlanýar. Kinoteatrlardaky resmi görkezilişleri tamamlanandan soňra, bu dokumental film HBO we Max striming platformalarynda tomaşaçylara hödürlener.