Oýun sanawy


Daniýanyň paýtagty Kopengageniň demirgazyk tarapynda iki sany ýolagçy otlusynyň gatnaşmagynda çynlakaý ulag hadysasy hasaba alyndy. Halkara habar beriş serişdeleriniň ýerli adatdan daşary ýagdaýlar gulluklaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, iki otly özara ýüzbe-ýüz çaknyşypdyr. Wakanyň bolan ýerinde derrew halas ediş çärelerine başlandy.
Deslapky maglumatlara görä, bu betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ýolagçylaryň birnäçesi dürli derejeli şikesler aldylar. Ejir çekenleriň sanynyň takmynan bäşden on adama çenli bolup biljekdigi aýdylýar. Lukmançylyk toparlary we hünärmenler hadysanyň bolan ýerinde degişli kömekleri bermek hem-de ýagdaýy doly durnuklaşdyrmak ugrunda iş alyp barýarlar.
Heläkçilik sebitiň möhüm demir ýol ugruny birleşdirýän Hillerod we Kagerup şäherleriniň aralygyndaky zolanda ýüze çykdy. Çaknyşyk sebäpli bu ugurda otly gatnawlary wagtlaýynça duruzyldy we ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin goşmaça çäreler görüldi. Polisiýa we demir ýol hünärmenleri hadysanyň sebäplerini anyklamak üçin derňew işlerini başladylar.
Häzirki wagtda tehniki näsazlyklaryň ýa-da ynsan faktorynyň bu çaknyşyga sebäp bolup biljekdigi baradaky çaklamalar öňe sürülýär. Ýerli häkimiýetler wakanyň jikme-jiklikleri barada goşmaça maglumat berjekdiklerini mälim etdiler. Halas edijiler demir ýol liniýasyny arassalamak we gatnawy kadaly ýagdaýa getirmek ugrunda işlerini dowam etdirýärler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.