Oýun sanawy


«Ramadan Press Trip» syýahatyna gatnaşyjylar Stambulyň taryhy ýerlerini öwrenýärler
19 Mart. 12:49Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet geňeşligi tarapyndan guralan «Ramadan Press Trip» atly halkara taslamasynyň çäklerinde Stambul şäherine baryp gördüler. «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň goldaw bermeginde amala aşyrylan bu iki günlük syýahat Bosforyň boýundaky gadymy şäheriň taryhyna, binagärligine we mukaddes Remezan aýynyň ruhy gurşawyna çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berdi. Syýahatçylar Stambula irden, agyz bekleýänleriň selälik wagtynda gelip, Remezanyň aýratyn ruhuny entek uçarda wagty duýup başladylar.
Syýahatyň ilkinji güni Stambulyň Ýewropa böleginiň medeni merkezi hasaplanýan Beýoglu etrabyndan başlandy. Žurnalistler bu ýerde XVI asyra degişli bolan we häzirki wagtda Italiýanyň Baş konsullygy ýerleşýän meşhur «Palazzo di Venezia» binasy bilen tanyşdylar. Soňra gezelenç meşhur Istiklýal köçesi boýunça dowam etdi. Uzynlygy 1,5 km bolan bu köçäniň esasy nyşany — 1915-nji ýyldaky nusga boýunça täzeden dikeldilen taryhy gyzyl tramwaýdyr. Tramwaýyň agaç çarçuwalary we hakyky oturgyçlary myhmanlary ötüşip giden döwürleriň täsirli dünýäsine alyp gitdi.
Maksatnamanyň iň gyzykly pursatlarynyň biri 1892-nji ýylda açylan meşhur «Pera Palace» myhmanhanasyna baryp görmek boldy. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň düýbüni tutujy Mustafa Kemal Atatürküň ýaşan otagy we Agata Kristiniň meşhur detektiw romanyny ýazan ýeri uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem myhmanlar 1348-nji ýylda gurlan Galata diňini synladylar. Ýolbeletler 1632-nji ýylda bu diňden ganat baglap uçan Hezarfen Ahmet Çelebiniň taryhy hem-de ar-nuwo stilinde gurlan meşhur Kamondo basgançaklary barada gyzykly maglumatlary berdiler.
Günüň iň täsirli pursady bolsa gün batanda ýerine ýetirilýän agzaçar wagty boldy. Topkapy köşgünden atylan topuň sesi bilen müňlerçe adamyň bir wagtda suw we hurma bilen agyz açmagy Stambulyň özboluşly ruhy keşbini açyp görkezdi. «Turkmenportal» neşiriniň baş direktory Guwanç Nurmyradow bu ýerde taryh bilen ruhy dünýäniň bir bitewi ýaşaýyş ýalydygyny belledi. Medeni we media gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen bu syýahat indiki gün Osman imperiýasynyň ilkinji paýtagty bolan Bursa şäherinde dowam etdi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.