Oýun sanawy

Hytaýyň 80-den gowrak iri telekeçilik düzümi Aşgabatdaky işewürlik maslahatyna gatnaşar

19 Aprel. 12:17

Çeşme

Türkmenistanyň paýtagtynda şu aýyň dowamynda geçiriljek iri türkmen-hytaý işewürlik forumyna we pudaklaýyn sergä taýýarlyk işleri jemleýji tapgyra girdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew hasabat berip, çäräniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýetini belledi.

Häzirki wagta çenli Hytaý Halk Respublikasynyň senagat, energetika, maglumat tehnologiýalary we ulag ulgamlarynda iş alyp barýan 80-den gowrak döwlet we hususy düzümleri hasaba alyndy. Gatnaşyjylaryň agramly bölegini oba hojalygy we logistika pudaklarynyň döwrebap enjamlaryny öndürijiler düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý bilen strategik ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýändigini nygtady. Döwlet Baştutany forumyň we serginiň ýokary derejede guralmagynyň täze maýa goýumlary çekmek we tejribe alyşmak üçin möhümdigini aýratyn görkezdi.

Işewürlik duşuşyklarynyň dowamynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen hytaýly hyzmatdaşlaryň arasynda anyk ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar. Forumyň esasy maksady bilelikdäki taslamalaryň gerimini giňeltmekden we söwda dolanşygyny artdyrmakdan ybaratdyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌