Oýun sanawy

Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy dabaraly açyldy

02 Sen. 05:58

Çeşme

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň döwrebap täze binalar toplumy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Dabara Hökümet agzalary, diplomatlar we jemgyýetçilik wekilleri katnaşdylar. Döwlet Baştutany çykyşynda ýygnananlary baýramçylyk bilen gutlap, ylym we bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen bu bilim şäherçesi 32,2 gektar meýdany eýeleýär hamala 5 müň talyba niýetlenendir. Toplumyň düzümine 13 gatly baş bina, 8 fakultet, 28 kafedra, kitaphana we mejlisler zaly girýär. Şeýle hem çäkte talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlary hem-de mugallymlar üçin ýörite ýaşaýyş jaýlary göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutany dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, täze bilim ojagynda talyplar we mugallymlar üçin döredilen döwrebap şertler we halkara standartlaryna gabat gelýän okuw mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdy. Öz gezeginde talyp ýaşlar hem ýurtta bilimi ösdürmäge berilýän uly üns üçin döwlet ýolbaşçylaryna çenksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌