Oýun sanawy


ABŞ-da iki ýolagçy uçarynyň asmandaky howply golaýlaşmagy heläkçiligiň öňüni aldy
23 Aprel. 14:59Nýu-Ýorkuň Jon Kennedi adyndaky halkara howa menzilinde iki sany uçar asmanda tasdan çaknyşypdy. Uçuş-gonuş zolagyna inip gelýän wagty, bu iki howa gämisiniň arasyndaky menzil 150 metrden hem az bolup, uly heläkçiligiň gyrasyndan dolanyldy. Wakanyň jikme-jiklikleri Flightradar24 ulgamy tarapyndan hasaba alyndy we bu waka halkara awiasiýa jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.
Bu howply ýagdaý «American Airlines» we «Air Canada» awiakompaniýalarynyň uçarlarynyň arasynda ýüze çykdy. ABŞ-nyň raýat awiasiýasy federal edarasynyň (FAA) berýän maglumatyna görä, «Republic Airways 4464» borty gonuşa barýan wagty, garaşylmadyk öwrüm edip, beýleki uçara tarap golaýlaşypdyr. Uçarlaryň arasyndaky aralygyň bir futbol meýdançasyndan hem az bolmagy, asmandaky howpsuzlyk kadalarynyň örän agyr bozulandygyny görkezýär.
Awiadispetçerleriň duýgurlygy we uçary dolandyrýan uçarmanyň çalt seslenmegi netijesinde asmandaky pajyganyň öňi alyndy. Howsala duýduryşy berlen badyna, iki uçaryň ekipažy hem derhal degişli manewrlary amala aşyryp, biri-birinden howpsuz aralyga çekilmegi başardylar. FAA-nyň habaryna görä, bu waka awiadispetçer gullugynyň we uçarmonlaryň özara sazlaşykly işiniň netijesinde asuda tamamlandy.
Häzirki wagtda ýörite barlag topary bu wakanyň sebäplerini öwrenýär. Hünärmenler dispetçerleriň görkezmelerini we uçarlaryň tehniki maglumatlaryny seljerip, ýalňyşlygyň asyl gözbaşyny anyklamaga çalyşýarlar. Derňewiň netijeleri geljekde şeýle howply ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy üçin howa menzilleriniň iş tertibine täzeçil üýtgeşmeleriň girizilmegine sebäp bolup biler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.