Oýun sanawy

Microsoft Office programmalary üçin täze ikonkalary hödürledi — soňky 7 ýylda ilkinji giňişleýin täzelenme

04 Okt. 12:34

Çeşme

Microsoft kompaniýasy Office programmalarynyň esasy ikonkalaryny täze görnüşde hödürläp, 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek giň gerimli dizaýn täzelenmesini amala aşyrdy. Täze ikonkalarda döwrebap we reňkli estetika bilen bir hatarda, ulanyjy üçin düşnükliligi we elýeterliligi öňe sürilýär.

Microsoft-yň dizaýn we barlag boýunça wise-prezidenti Jon Fridmaniň bellemegine görä, täze ikonkalarda "baglanyşyk, rahatlyk we hyzmatdaşlyk" düşünjeleri esasy ugur hökmünde kabul edilipdir. Dizaýnlarda ýumşak çyzyklar we reňk geçişleri giňden ulanyldy.

Täze stil Microsoft 365 ulgamyna ornaşdyrylan emeli aň kömekçisi Copilot-yň wizual aýratynlyklaryndan ylham aldy. Onuň elementleri täze ikonkalaryň esasynda ýerleşdirildi.

Käbir ikonkalarda grafik şekiller ýönekeýleşdirildi — mysal üçin, Word programmasynyň logotipindäki öňki dört çyzyk üçe çenli azaldy, bu bolsa kiçi ölçeglerde has aýdyň görkezmegi maksat edinýär.

Microsoft bu täzeleşdirilen ikonkalary birnäçe hepdeläp tapgyrlaýyn görnüşde ulanyjylara ýetirer — olar web ulgamynda, kompýuterlerde we mobil enjamlarynda elýeterli bolar.

















NASA-nyň «Habbl» teleskopy älem «köpürjiginiň» içki gurluşyny surata düşürdi

09 Sen. 11:31

Çeşme

NASA-nyň «Habbl» älem teleskopy Ýerden 160 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän Uly Magellan Buludyndaky N44 dumanlygynyň täze suratyny aldy. Altynbalyk ýyldyzlar toparynda ýerleşýän bu dumanlygyň merkezinde 500 müň töweregi ýyldyz hem-de gaz we tozandan ybarat dykyz gabyk bilen gurşalan ägirt uly boşluk ýerleşýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu boşluk güýçli ýyldyz ýelleriniň we täze ýyldyzlaryň partlamalarynyň täsiri astynda emele gelipdir.

Barlagçylar suratyň ýokarky sag tarapyndaky N44F kiçijik köpürjigine aýratyn üns berýärler. Onuň töwereginde özboluşly sütünlerden ybarat gurluşlar we şöhlelenme akymlary görünýär. Bu sebitde entek ömrüniň ilkinji tapgyrynda duran, wodorody geliý elementine öwrüp başlamadyk 30 müň töweregi örän ýaş ýyldyz ýüze çykaryldy.