Oýun sanawy

«Michelin» kompaniýasy öz tekerlerine pasiw RFID-çiplerini ýerleşdirip başlady

21 Okt. 11:16

Çeşme

Dünýäniň öňdeboryjy teker öndürijisi bolan «Michelin» kompaniýasy önümçilik tapgyrynda reziniň wulkanizirlenen gorag gatlaklarynyň arasynda ýörite çip we antenna ýerleşdirip başlady. Bu çip öndürijiniň prefiksini, önüm koduny we özboluşly seriýa belgisini özünde saklap, her bir tekere ýasap ýa-da üýtgedip bolmaýan özboluşly sanly pasport berýär. Logistika we ammar gulluklary önümleri daşamak, saklamak hem-da gaýtadan işlemek tapgyrlarynda çipleri skanirlemek arkaly tekeriň takyk ölçeglerini we modeliniň häsiýetnamalaryny derrew anyklap bilýärler.

Elektronikanyň girizilmegi sürüjileriň arasynda gizlin yzarlanmak barada aladalary döredendigine garamazdan, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli administrasiýasynyň (NHTSA) hünärmenleri ulanylan RFID tehnologiýasynyň doly passiwdigini bildirdiler. Çipde içki batareýa ýa-da energiýa çeşmesi ýok bolup, ol diňe ýörite skaner tarapyndan okalýan wagty goýberilýän radiotolkunlar arkaly işleýär. Bu bolsa golaýda degişli enjam bolmasa, çibiň giňişlige özbaşdak signal ibermäge we awtomobiliň ugur gidişini yzarlamaga fiziki taýdan ukyply däldigini aňladýar.

Häzirki wagtda teker senagatynda radioýygylykly identifikasiýa (RFID) tehnologiýasy barha giňden ýaýraýar, eýýäm 100 milliondan gowrak teker «RAIN RFID» standarty boýunça çiplendirildi. Şeýle hem, dürli öndürijileriň arasynda maglumatlary alyşmak we tekerler baradaky maglumatlary bir meňzeş standarta getirmek maksady bilen «GDSO» global guramasy döredildi. Bu ulgam tekeriň basyşyny ýa-da zaýalanma derejesini däl-de, diňe onuň sanly kimligini we taryhyny kesgitlemäge niýetlenendir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌