Oýun sanawy

Meksikaly türgen turnikde çekilmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy

05 Maý. 17:43

Çeşme

Meksikanyň wekili Enrike Sapata sport taryhynda täze sahypa açyp, 24 sagatlap dowam eden marafonuň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilmegi başardy. Bu görkeziji bilen ol belgiýaly türgen Lennert Şots tarapyndan öň goýlan 11 900 sanly rekordy yzda galdyrdy we dünýäniň iň ýokary netijesini täzeledi.

Rekordy goýmak üçin türgen gije-gündiziň dowamynda her minutda ortaça sekiz gezek çekilme hereketini ýerine ýetirdi. Bu üstünligiň aňrysynda bäş ýyllyk dyngysyz we agyr türgenleşikler ýatyr. Belläp geçsek, Sapata mundan ozal hem 8 we 12 sagatlyk wagt aralyklarynda iň ýokary netijeleri görkezipdi, emma soňra ol görkezijiler beýleki türgenler tarapyndan täzelenipdi.

Türgeniň sport ýoly diňe bir rekordlar bilen däl, eýsem uly durmuş kynçylyklaryny ýenip geçmek bilen hem baglydyr. Geçmişde artykmaç agram, saglyk meseleleri we zyýanly endikler bilen göreşen Sapata motivasion edebiýatyň täsiri astynda öz durmuşyny düýpgöter üýtgedip, sport arkaly täze maksatlara tarap ýöneldi.

Maksada ýetmek üçin Sapata ýöriteleşdirilen dem alyş usullaryny we agramlylygy kem-kemden artdyrmak arkaly bedeniň durnuklylygyny berkitdi. Onuň hasaplamalaryna görä, bäş ýylyň dowamynda ol turnikde bir milliondan gowrak gezek çekilme hereketini berjaý etdi. Häzirki wagtda täze rekordyň eýesi fiziki güýjüni has-da ýokarlandyrmak üçin täze türgenleşik meýilnamalarynyň üstünde işleýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌